Oýun sanawy


9–13-nji fewral aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşdy. Maslahat zenanlara we maşgalalara goldaw bermek ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de degişli edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.
Maslahata döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş, bilim we durmuş hyzmat ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda zenanlara goldaw bermek ulgamyndaky pudagara utgaşdyryş gurallaryny kämilleşdirmek, edaralaryň we hyzmat ediji guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça çykyşlar diňlenildi we tejribe alyşmak üçin pikir alşyldy.
Iştirakçylar Türküstan şäheriniň Saýram we Keles etraplarynda ýerleşýän Maşgala goldaw merkezleriniň işini ýakyndan synladylar, ýerli derejede hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine we öňdebaryjy iş usullaryna syn etdiler. Şeýle hem maslahatda öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, maslahat beriş we goldaw hyzmatlaryny ösdürmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň jemleri boýunça zenanlara we maşgalalara hyzmat edýän ulgamy kämilleşdirmek, pudagara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça degişli teklipler beýan edildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.