Oýun sanawy


Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň arasynda taryhy duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar global syýasat, köptaraplaýyn diplomatiýa, howpsuzlyk hem-de ynsanperwer ugurdaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy halkara guramasynyň çäklerinde amala aşyrylýan parahatçylyk söýüji başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Gepleşikleriň esasy bölegi sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň orny bilen bagly boldy. Duşuşykda halkara gatnaşyklarda dialog we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, taryhy bitaraplyk syýasatyny halkara parahatçylygy goldamakda netijeli ulanmak ýaly meseleler jikme-jik seljerildi. Şeýle hem dünýäde hukuk mehanizmleriniň we halkara hukugynyň kadalarynyň ornuny has-da berkitmäge gönükdirilen uzak möhletleýin täze halkara başlangyçlar hakynda pikir alyşyldy.
Mundan başga-da, global ekologiýa ýagdaýy we durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmek boýunça onýyllyk maksatnamalary durmuşa geçirmegiň amaly ädimlerine seredildi. Sebit howa merkezlerini döretmek, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak baradaky sebit taslamalary üns merkezinde saklandy. Bu mehanizmleriň diňe bir ykdysady däl, eýsem sebit durnuklylygyny üpjün etmekde hem uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, jemgyýetde zenanlaryň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça sebitara dialogy güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy. BMG-niň ýokary wekilleri Türkmenistanyň halkara strategiýalary we durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda toplan amaly tejribesini tarypladylar. Bu taslamalaryň dünýä durnuklylyk gün tertibini ilerletmekde beýleki döwletler üçin hem oňyn görelde bolup hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.