Oýun sanawy


Türkmenistan we Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýärler
31 Mart. 08:10Tbiliside geçirilen ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň we Gruziýanyň hökümet wekilleri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny jikme-jik seljerdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gatnaşyklary täze hile çykarmak boýunça ylalaşyk gazandylar.
Gepleşikleriň esasy bölegi maýa goýumlary höweslendirmek we bilelikdäki iri göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine gönükdirildi. Energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlendi. Iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we haryt dolanyşygyny artdyrmak ugrunda anyk ädimleri ätmek bellenildi.
Işewürler jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamak we hususy pudagyň wekilleri üçin amatly gurşawy döretmek gepleşikleriň möhüm bölegi boldy. Taraplar göni telekeçilik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň ykdysady ösüşe goşmaça itergi berjegini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki işewürlik forumlaryny we sergileri guramagyň ähmiýeti barada fikir alşyldy.
Hökümetara toparynyň işine ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşdyryjy esasy gural hökmünde ýokary baha berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginde bu mehanizmiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.