Oýun sanawy

Türkmenistan we Gruziýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýarlar

08 Maý. 11:39

Çeşme

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarda ýük dolanyşygynyň mukdarynyň barha artmagyna garaşylýar. Bu barada «Gruziýanyň demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Laşa Abaşidze resmi beýanat bilen çykyp, iki ýurduň ulag düzümleriniň utgaşykly hereket etmeginiň oňaýly netijelerini belledi. Hazar we Gara deňizleriniň üsti bilen geçýän halkara geçelgeler sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda strategik ähmiýete eýedir.

Golaýda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň dowamynda taraplar ýük gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek boýunça täze ylalaşyklara doldular. Geçirilen gepleşikler iki döwletiň hem ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

«Türkmendemirýollary» agentligi bilen amala aşyrylýan ýakyn hyzmatdaşlyk şu ýylyň görkezijilerinde öz beýanyny tapdy. Laşa Abaşidzeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýük dolanyşygynyň ösüş depgini durnukly saklanýar we taraplaryň bar bolan mümkinçilikleri bu görkezijini has-da ýokarlandyrmaga ýol berýär. Demir ýol ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi Merkezi Aziýadan we Hytaýdan gelýän ýükleriň Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna gysga wagtda ýetirilmegini şertlendirýär.

Geljekde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky logistika baglanyşyklarynyň diňe bir ikiçäk däl, eýsem sebitara häsiýete eýe boljakdygy bellenilýär. Täze multimodal gatnawlaryň ýola goýulmagy we gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi sebitde ýük akymlarynyň has-da işjeňleşmegine getirer. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň halkara üstaşyr geçelgelerindäki ornuny berkidip, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

24 Okt. 13:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.

Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.

Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.

Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌