Oýun sanawy


Türkmenistanly mekdep okuwçylary Koreýada robototehnika boýunça halkara çempionatynda iki medala eýe boldular
13 Okt. 08:20Türkmenistanyň ýaşlar milli topary Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2026» robototehnika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandy. Dünýäniň 185 döwletinden gelen toparlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde türkmen okuwçylary «Skills Challenge» Ugry boýunça kümüş medala, «Winning Alliance» ugry boýunça bolsa bürünç medala mynasyp boldular. Bu dabaraly çempionat her ýyl Olimpiýa oýunlarynyň görnüşinde geçirilip, bilimli ýaşlary bir ýere jemleýär.
Ýurdumyzyň adyndan gatnaşan milli topara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew ham-da Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow tälim berdi. Toparyň düzüminde Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Daýhan Gurbanow we Arslan Babajyýew ýokary taýýarlyk hem-de ussatlyk derejesini görkezdiler.
Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary 295 bal toplaýyp, çempionatyň ýarym finalyna çykmagy başardy. Bu ýylky bäsleşigiň esasy temasy tebigatda döreýän ýangynlara garşy göreşmekde innowasion we tehnologik çözgütleri işläp düzmäge bagyşlandy. Türkmen ýaşlarynyň proýektirlemegi we taýýarlamagy başaran robotik ulgamlary emin agzalary tarapyndan ýokary baha eýe boldy.
Toparyň tälimçileriniň bellemegine görä, halkara meýdançasynda gazanylan bu uly ýeňiş ýaşlaryň inženerçilik hünärlerine, innowasion tehnologiýalara we robototehnika bolan höwesini has-da artdyrar. Şeýle hem ol milli bilim ulgamynyň halkara derejesinde barha özgerýändigini hem-de döwrebaplaşýandygyny aýdyň subut edýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.