Oýun sanawy

22 Awgust. 04:39

Türkmen mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordlaryny goýdular

21-nji awgustda Aşgabatda geçirilen «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Söwda-senagat edarasy hem-de “Kämil bilim” okuw merkezi tarapyndan guralan bu çärede 6–14 ýaş aralygyndaky 120-e golaý okuwçy güýç synanyşdy. Bäsleşigiň hormatly myhmanlarynyň biri — halkara derejesindäki emin, “Mega Hafyza” guramasynyň esaslandyryjysy we MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň esaslandyryjy agzasy Melik Duýar boldy.

45 minutlyk mental arifmetika marafonynda okuwçylar ajaýyp netijeleri görkezdiler. Netijede, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasy 12 medal, paýtagt şahamçasy 7 medal, Balkanabatdaky şahamçasy bolsa 2 medal gazandy. Şeýle-de Marydaky “Altyn Göreç” we Baýramalydaky “Bilim Güzeri” merkezlerinden her biri 1 medal bilen çykyş etdiler.

Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ýaş nesliniň beýik mümkinçilikleriniň subutnamasyna öwrüldi. Okuwçylaryň üçüsi dünýä rekordyny goýmagy başardy:

  • Aly Oraşow (Balkanabat) — Quick Flash Anzan görnüşinde, 0,3 sekunt aralykda 150 sany 2 belgili sanlary dogry goşup, yzygiderli 5 gezek takyk netijäni görkezdi.

  • Rowaç Begenjow (Türkmenabat) — 100 sany 1 belgili sany çalt we takyk ýatdan goşmakda dünýä rekordy goýdy.

  • Mekan Batyrow (Balkanabat) — 8 belgili sanlary 8 belgili sanlara 10 gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmekde dünýä rekordyna eýe boldy.

Ýeňijilere we ähli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar, Hormat hatlary hem-de MEMORIAD tarapyndan berlen halkara sertifikatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu üstünlikler ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-biliminiň, zehininiň we mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu üstünlikler biziň ähli halkymyzy buýsandyrýar!

Iň köp görülen

01 Noý. 06:58

"Sanly çözgüt – 2025" bäsleşigine 350-den gowrak arza gelip gowuşdy

Çeşme

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi, intellektual tehnologiýalara, innowasiýa taslamalaryna we häzirki zaman sanly çözgütlere gyzyklanma bildirýän ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasiýa taslamalarynyň bäsleşigini gurnalýar.

Häzirki wagtda ýurtda bu bäsleşigiň saýlama tapgyry dowam edýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek we tehnologiýalary kämilleşdirmek üçin öz goşandyny goşmak isleýän ýaş entýuziastlar bäsleşigiň dürli ugurlarynda öz pikirlerini we taslamalaryny hödürleýärler.

Bäsleşigiň yglan edilmeginden bäri 350-den gowrak sanly taslama, tehnologiýa innowasiýalaryna gyzyklanma bildirýän talyplar, mekdep okuwçylary we beýleki gatnaşýanlar tarapyndan taýýarlanyp, arza edildi.

Bu tapgyrda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan bäsleşik aýgytlaýjy komiteti hödürlenen taslamalary tassyklanan düzgünler esasynda bahalandyrýar.

Gatnaşyjylar akylly robotlary, wirtual kömekçileri, ýüz tannyşlyk ulgamlaryny, şeýle hem mobil programmalaryň we sesli komandalaryň üsti bilen dolandyrylýan elektroniki enjamlaryny işläp düzmekde öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Bäsleşigiň geçirilmegi ýaş alymlara, programmistlere we talyplara sanly çözgütleriň sosial-ykdysady durmuşa ornaşdyrylmagy babatynda mümkinçilikleriň giňeldilmegine kömek edýär.

Bu başlangyç, yapma akyl tehnologiýalarynyň ösdürilmegine, olaryň ulanylyş usullarynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem sanly hyzmatlaryň giňeldilmegine we önümçilik prosesleriniň uzakdan dolandyrylmagyna gönükdirilendir.