Oýun sanawy

29 Iýul. 07:00

Türkmenistanly žurnalistler Türkiýäniň Demokratiýa we Milli jebislilik gününe bagyşlanan halkara media programmasyna gatnaşdylar

14–18-nji iýul aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara we Stambul şäherlerinde her ýyl 15-nji iýulda bellenilýän Demokratiýa we Milli jebislilik gününe bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň guramagynda halkara media programmasy geçirildi.

Halkara media programmasy Türkiýäniň ähli sebitlerinden media işgärlerini hem-de dünýäniň 41 ýurdunyň 120-den gowrak daşary ýurtly habarçysyny özünde jemläp, jemi 200 žurnalisti bir ýere toplady. Türkmenistandan bu iri programma Beýan, «Biznes Türkmenistan», OrientTurkmenportal we Atavatan Türkmenistan ýaly öňdebaryjy web-saýtlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.

 

15–16-njy iýulda Ankara şäherinde maksatnamanyň çäklerinde giň gerimli çäreler geçirildi. Žurnalistler 15-nji iýul Demokratiýa muzeýine baryp gördüler, Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisinde geçirilen ýörite mejlise gatnaşdylar we gahrymanlara bagyşlanan sergini synladylar.

 

 

Geçirilen çärelere Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşandygyny bellemek möhümdir.

Şeýle-de, «15-nji iýul: Ýatlama, Adalat we Geljek» atly sessiýasy geçirildi. Bu sessiýa Türkiýäniň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň ýolbaşçysy Burhanetdin Duran, wise-prezident Jewdet Ýilmaz, Türkiýäniň Beýik Milli Mejlisiniň başlyk orunbasary Bekir Bozdag we beýleki ýokary derejeli wekiller gatnaşdylar.

 

Burhanetdin Duran çykyşynda «Ýeňşiň ady — Türkiýe» atly milli maksatnamanyň çäklerinde 2025-nji ýylda 21 müňden gowrak proýektiň durmuşa geçirilendigini belledi. Bu görkeziji 2024-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende diýen ýaly iki esse köpdür. Onuň aýtmagyna görä, bu görkeziji jemgyýetde konstitusion düzgün-tertibiň goralmagyna bolan uly gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär.

 

Demokratiýa we Milli Bitewilik gününe bagyşlanan halkara media programmanyň soňky tapgyry bolsa 17–18-nji iýulda Stambul şäherinde dowam etdi.

17-nji iýulda maksatnama gatnaşyjylar raýat batyrlygynyň nyşanyna öwrülen «15 Temmuz Köprüsü» Bosfor köprüsine baryp gördüler. Şeýle hem olar 15-nji iýul Hatyralama muzeýine baryp, sergi bilen tanyşdylar.

 

Şol günüň dowamynda Stambulyň şäher häkimliginiň binasynda şäheriň häkimi Dawut Gül bilen metbugat brifingi geçirildi.

 

Demokratiýa we Milli jebislilik güni 2016-njy ýylda esaslandyryldy we şondan bäri her ýyl Türkiýede raýat edermenliginiň we milli bitewiligiň nyşany hökmünde giňden bellenilýär.

___

Baýram Artykow, Beyan.tm     

Iň köp görülen

31 Okt. 13:22

Türkmenistanyň bank ulgamynyň zenan işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

Çeşme

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň bank pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlaryň hem-de şäherleriň saýlama tapgyrlarynda öňe çykan ýeňijiler gatnaşdy.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky ösüşler, gazanylan sepgitler hem-de 2011–2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.

Ikinji tapgyrda gatnaşyjylar aýdym, dessan ýa-da goşgular bilen çykyş etdiler. Jemleýji tapgyrda bolsa olar dabaraly saçak taýýarlap, milli naharlaryň taýýarlanylyşyny görkezdiler.

Netijeler boýunça:

  • üçünji orun — Ahal, Lebap welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden gelen gatnaşyjylara;

  • ikinji orun — Balkan welaýatyndan we Aşgabat şäherinden gatnaşyjylara;

  • birinji orun — Mary welaýatynyň wekillerine;

  • Baş baýrak — Daşoguz welaýatynyň gatnaşygyna berildi.

Ýeňijiler we baýrak alanlar hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň dabaraly bölegi estrada ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi bankyTürkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan guraldy. Çäre Parahatçylyk we ynam ýylynaTürkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynahemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygyna, şeýle hem milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlandy.