Oýun sanawy


Türkmenistanyň etnograflary «Uly Altaý: türki miras» halkara ekspedisiýasyna gatnaşýarlar
10 Awgust. 17:49Türkmenistanly alym-etnograflar Altaý ülkesiniň we Altaý Respublikasynyň çäginde gözbaş alýan «Uly Altaý: türki miras» atly giň gerimli halkara etnografik ekspedisiýasyna goşuldylar. Gorno-altaisk.info neşiriniň habar bermegine görä, Altaý döwlet uniwersitetiniň «Uly Altaý» altaistik we türkologiýa ylym-bilim merkeziniň barlag toparyna Türkmenistandan, Gyrgyzystandandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan gelen alymlar girdiler. Ekspedisiýanyň bilelikdäki guramaçysy hökmünde Gorno-Altaý döwlet uniwersiteti çykyş edýär.
Ylmy gözlegleriň çäklerinde etnograflar ýerli etnik bileleşikleriň — kumandinleriň, çelkanslaryň, tubalarlaryň, altaýlylaryň we telengitleriň medeni mirasy, durmuşy hem-de däp-dessurlary bilen jikme-jik tanyşarlar. Barlag toparynyň ugry Biýsk şäherinden başlap, soňra Altaý Respublikasynyň Turoçak, Ust-Kan we Ust-Kosa etraplaryndaky az sanly ilatly ýaşaýyş punktlary boýunça dowam eder.
Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Iwan Nazarowyň bellemegine görä, taslamanyň esasy maksady Merkezi Aziýanyň türki halklarynyň taryhy köklerini hem-de olaryň köpötümli medeni Baglanyşyklaryny yzarlamakdan ybaratdyr. Etnografik gözlegler hojalyk ýöretmek, bina gurluşygy, milli geyimler, taýýarlanýan tagamlar, jemgyýetçilik we garyndaşlyk gatnaşyklary ýaly ugurlary öz içine alýar. 2026-njy ýyldaky ekspedisiýa bäş ýurduň wekillerini birleşdirip, özüniň iň giň köp milletli düzümine eýe boldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.