Oýun sanawy


“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen halkara medeniýet festiwalynda uly üstünlik gazandy
27 Maý. 04:47Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçen bu çärede Gazagystan, Gyrgyzystan, Ýaponiýa, Ispaniýa, Italiýa, Meksika we Özbegistan ýaly onlarça döwletiň medeni toparlary öz halklarynyň däp-dessurlaryny hem-de sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary özüniň täsirli we täsin çykyşlary bilen aýratyn tapawutlandy. Türkmen atly ýigitleriniň dünýä meşhur ahalteke bedewleri bilen ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri tomaşaçylarda ýatdan galyzyjy täsir galdyrdy. Halkara çäresiniň ýapylyş dabarasynda ýokary netijeleri görkezen “Galkynyş” topary festiwalyň ýörite sertifikatyna mynasyp boldy. Bu üstünlik toparyň milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmekde we medeni gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleriniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.