Oýun sanawy


Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Parižde geçirilýän halkara kongresine gatnaşýar
01 Iýul. 11:23Fransiýanyň paýtagtynda Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Geňeşiniň hem-de bu ýurduň hökümetiniň wezipeli goldamagynda guralan Ölüm jezasyna garşy 9-njy Bütindünýä kongresi öz işini dowam etdirýär. Halkara çäre «Ölüm jezasyna garşy bilelikde» diýen fransuz jemgyýetçilik guramasy tarapyndan utgaşdyrylyp, ol şu ýylyň 30-njy iýuny ile 2-nji iýuly aralygynda guralýar. Ýokary derejeli maslahatyň meýilnamasyna plenar sessiýalar, tanyşdyrylyş dabaralary, «tegelek stollar», ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de ýörite halkara baýraklary gowşurmak çäreleri girizildi.
Bu durnukly halkara forumyň işinde Türkmenistanyň resmi wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň wekiliýetine Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa ýolbaşçylyk edýär. Toparyň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hünärmeni Hallygül Tuwakowa hem-de ýurdumyzyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Çaryýew bar.
Halkara çäräniň açylyş dabarasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çykyş edip, gelen daşary ýurtly wekiliýet ýolbaşçylaryny we diplomatlary dabaraly ýagdaýda gutlady. Resmi dabaranyň çäginde bolan gysga wagtly gepleşigiň dowamynda Fransiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowany kabul etdi we Türkmenistanyň bu global çärä wekilçilik derejesinde gatnaşýandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.
Maslahatyň dowamynda geçirilen umumy mejlislerde türkmen döwletiniň adamyň iň esasy hukugy bolan ýaşaýyş hukugyny goramak ugrunda durmuşa geçirýän yzygiderli reformalaryna ýokary baha berildi. Hususan-da, ýurtda ölüm jezasyny ulanmagyň üstüne 1999-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda ýörite moratoriý girizilendigi, şol ýylyň 28-nji dekabrynda bolsa bu jeza görnüşiniň milli kanunçylykdan doly aýrylandygy taryhy fakt hökmünde bellenildi.
Şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Türkmenistanyň bütin Merkezi Aziýa sebitinde ölüm jezasyny resmi taýdan we dolulygyna ýatyran ilkinji döwlet bolandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle düýpli we taryhy ädimiň wagtynda ädilmegi ýurduň milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem-de halkara ynsanperwer kadalaryny ornaşdyrmakda möhüm taryhy we hukuk öwrülişigi bolup hyzmat etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy
24 Okt. 13:042026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.
Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.
Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.
Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.
Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.
Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.