Oýun sanawy


Halk senetçilerine «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen şahadatnamalar gowşuryldy
16 Iýun. 05:12Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çeper döredijiligiň milli tejribesi» atly medeni çäre geçirildi. Bu duşuşygyň çäginde ýurdumyzyň iň zehinli amaly-haşam sungatynyň wekillerine «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly adyň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagyn daky çäre ýörite sergi bilen utgaşdyryldy. Sergide taryhy gymmatlygy bolan türkmen saz gurallary, milli lybaslar we şaý-sepler köpçülige görkezildi.
Milli senedi dikeltmekde we ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin jemi 12 sany ussa bu ýokary ada mynasyp boldy. Düzgüne görä, şahadatnamalar paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň her bir welaýatyndan saýlanan iki sany ussa gowşuryldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.