Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
06 Awgust. 14:40«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdyýew, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow hem-de Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar awtomobil we demir ýol gatnawlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz portlaryny peýdalanmak arkaly halkara multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Awazada Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda duşuşyk geçirilendigini habar beripdik.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.