Oýun sanawy

07 Awgust. 05:48

Ermenistanyň Prezidenti TNGIZT-iň işi bilen tanyşdy

Şu gün Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenbaşy şäherindäki birnäçe senagat we infrastruktura desgalary bilen tanyşdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Ermenistanyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar.
Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Waagn Haçaturýan, ilki bilen, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördi. Ol zawodlar toplumynyň işi, nebitiň gazylyp alnyşyndan başlap, taýýar önümi öndürmäge çenli bolan tutuş önümçilik zynjyry, önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Ermenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary bilen gyzyklandy.


Soňra Prezident Waagn Haçaturýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Oňa portuň mümkinçilikleri, şeýle hem gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş boýunça portda alnyp barylýan işler tanyşdyryldy.

Iň köp görülen

31 Okt. 13:30

Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy

Çeşme

Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Mejlise AzerbaýjanBelarusGazagystanGyrgyzystanRussiýaTäjigistanTürkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniňGeňeşiň utgaşdyryjy gullugynyňKollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG)ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.

Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkeziJenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.

Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.