Oýun sanawy


Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-daky iş saparyny üstünlikli tamamlady: IVLP maksatnamasynyň Denwerdäki jemleýji tapgyry
26 Sen. 14:42Türkmenistanyň resmi wekiliýeti ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeni işler býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýän абraýly International Visitor Leadership Program (IVLP) maksatnamasyna gatnaşmagyny üstünlikli tamamlady.

Bostondaky işjeň sapardan soň, türkmen hünärmenleri Kolorado ştаtynyň Denwer şäherine bardylar. 2026-njy ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda «WorldDenver» guramasynyň ýolbaşçiligi astynda geçen bu tapgyr intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak, startaplary ösdürmek we tehnologiýalary alyş-çalyş etmek tejribesini öwrenmäge gönükdirildi.

Denwerdäki işewürlik maksatnamasy örän baý we mazmunly boldy.

Saparyň ilkinji günlerinde wekiliýet agzalary Denweriň Bütin dünýä söwda merkezinde bolup, eksport gözegçiligi, halkara söwda kadalaşdyrylyşy we howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem Denwer uniwersitetinde ylmy barlaglary we tehnologiýa transferini dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşusyk geçirilip, uniwersitet açyşlaryny täjirçileşdirmek we lisenziýalaşdirmk strategiýalary ara alyp maslahatlaşyldy.

Işewürlik sapary tehnologik pudagyň we innowasiýa ulgamynyň wekilleri bilen dowam etdirildi. «303 Software» kompaniýasynda sanly önümleri goramak tejribesi öwrenildi.

Mundan başga-da, wekiliýet agzalary Koloradonyň startaplar hepdeliginiň (Colorado Startup Week) çäginde telekeçiler üçin hukuk esaslaryna bagyşlanan açyk maslahata gatnaşdylar.

Kolorado uniwersitetiniň Anschutz lukmançylyk kampusyndaky «CU Innovations» edarasyna bolan sapar bolsa biotehnologiýalar we saglygy saklaýyş ulgamynda innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ädim boldy.

Maksatnamanyň medeni bölegi myhmanlara Koloradonyň tebigy gözellikleri we taryhy ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Wekiliýet Guanella Pass dag geçelgesinde gezelenç edip,

Taryhy Jorjtaun şäherçesine,

dünýä belli tebigy «Red Rocks» amfiteatryna,

Lookout Mountain dagyndaky Buffalo Bill muzeýine

we Golden şäherine bardylar.

Denwerdäki işjeň maksatnamasyny tamamlap, 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda türkmen wekiliýeti Denwer şäheriniň halkara howa menzilinden ugrady we ABŞ-daky saparyny doly tamamlady.


Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň