Oýun sanawy

Türkmenistanda Milli bahar baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär

21 Mart. 16:56

Çeşme

Şu gün bütin Türkmenistan boýunça Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly şatlyk-şowhun we ýokary ruhubelentlik bilen garşylandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, baýramçylygyň esasy dabaralary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan çäreler tebigatyň oýanmagyny we täze ýylyň gelmegini alamatlandyrýan milli ýörelgelerimiz bilen utgaşyp, halkymyzyň agzybirligini ýene-de bir gezek dabaralandyrdy.

«Nowruz ýaýlasynda» bezelen ak öýleriň dikilmegi bilen hakyky türkmen obasynyň keşbi janlandyryldy. Bu ýerde halkymyzyň köpasyrlyk ýaşaýyş-durmuş medeniýeti, amaly-haşam sungatynyň nusgalary we gadymy senetçilik däpleri giňden görkezildi. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň maşgala mukaddesligine we goňşuçylyk gatnaşyklaryna goýýan uly hormatyny, şeýle hem bereketli saçaklaryň başynda taýýarlanan milli tagamlaryň taýsýyz lezzetini duýmak mümkinçiligine eýe boldular.

Baýramçylyk dabaralaryna ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. Dünyä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezen çykyşlary bolsa tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Atçylyk sungatynyň iň kämil nusgalarynyň görkezilmegi Nowruz baýramynyň ruhuna laýyk gelýän gaýratlylygyň we gözelligiň simwolyna öwrüldi. Şeýle hem ýaýlada guralan sungat ussatlarynyň konserti baýramyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Milli bahar baýramy diňe bir «Nowruz ýaýlasynda» däl, eýsem täze gurlan akylly Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem giň gerim bilen bellenilip geçildi. Her bir sebitde guralan baýramçylyk çäreleri türkmen topragynyň bereketliligini we halkymyzyň parahatçylykly, bagtyýar durmuşyny şöhlelendirdi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzelenişiň, dostlugyň we abadançylygyň dabaralanýan mukaddes senesi hökmünde taryha girdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌