Oýun sanawy


7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär.
Tutulmanyň iň ýokary tapgyry 1,368 bolar. Bu Aýyň has “gyzaryp”, kölegä has çuň aralaşjakdygyny aňladýar. Bu pursat Aşgabat wagty bilen 23:12-de görner. Aý 22:31-den 23:53-e çenli biziň planetamyzyň kölegesine doly girer.
Hadysanyň ähli fazalaryny Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň, Antarktidanyň, Awstraliýanyň we Okeaniýanyň ýaşaýjylary görüp biler.
Şeýle-de, Koşman 9-njy awgustda bolmaly indiki dolan Aýyň adaty boljakdygyny we Aýyň reňkiniň üýtgemejekdigini belledi.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
29-31-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede «Pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny hem-de ekoulgamlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk”» atly taslamanyň ilkinji sebitleýin maslahaty we Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň we degişli ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem halkara guramalar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, şeýle hem maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hünärmenlerinden ybarat boldy.
Umumy mejlisde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durnukly ösüş ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ilatyň saglygyna, haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýändigini belledi.
A.Soltanmyradowyň bellemegine görä, «Bitewi saglyk» konsepsiýasy azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, mallardan adamlara geçýän keselleriň (zoonozlaryň) öňüni almaga we weterinariýa-sanitariýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň bu ugurda edaralaryň we sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Maslahat, ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň işiniň ýola goýluşyny we taslamany ýerine ýetirmäge goldaw berjek tehniki iş toparlaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň «Bitewi saglyk» ulgamynyň ösdürilmegine goşan möhüm goşandyny bellediler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň dünýä derejesinde biologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşjagyna ynam bildirdiler.