Oýun sanawy


«Galkynyş» toparynyň Baku şäherindäki sirk arenasyndaky çykyşlary uly üstünlik bilen geçýär
16 Mart. 13:44Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäheriniň «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda Türkmenistanyň meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleriniň bilelikdäki çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu medeni çäre iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna hyzmat edýär.
Sirk arenasynda görkezilen çykyşlarda türkmen artistleri özleriniň ýokary ussatlygyny hem-de milli atçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini tomaşaçylara ýetirdiler. Ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilen çylşyrymly akrobatik hereketler, jigitçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary we adamyň hem-de bedewiň arasyndaky sazlaşykly hereketler tomaşaçylary haýran galdyrdy. Bedewleriň gözelligi we ýyndamlygy tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Çykyşlaryň dowamynda dürli sirk žanrlarynyň artistleriniň görkezen sanlyklary tomaşany has-da baýlaşdyrdy. Türkmen artistleriniň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan uly höwes we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Bu bolsa türkmen sirk sungatynyň halkara derejesindäki abraýynyň we täsirliliginiň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
«Circus Sea Breeze» sirk arenasyndaky bu çykyşlar «Galkynyş» toparynyň Azerbaýjandaky iri medeni saparynyň dowamy bolup durýar. Artistleriň ýokary ussatlygy bilen taýýarlanan bu täsirli çykyşlary 30-njy marta çenli giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlemäge garaşylýar. Ýakyn günlerde hem türkmen artistleri özleriniň täze tärleri we çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirmegi dowam etdirerler.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.