Oýun sanawy

«Kids Expo 2026» sergisinde «Menekliler» atly täze türkmen 3D-animasion serialynyň ilkinji görkezilişi geçiriler

13 Awgust. 14:01

Çeşme

Türkmenistanyň animasiýa sungatynda we çagalar üçin niýetlenen multimediýa ulgamynda uly ylmy-döredijilikli ädim ädilýär. Awgust aýynyň ortalarynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler zalynda geçiriljek «Kids Expo» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Menekliler» diýlip atlandyrylan täze çagalar 3D-multserialynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy bolar. Bu Taslama ýurdumyzyň animasion önümçiligini täze basgançaga çykarmak maksady bilen amala aşyryldy.

Ylmy-terbiýeçilik we köpçülikleýin ähmiýete eýe bolan bu täze animasion taslama «MenzilMekan Animation» studiýasy tarapyndan taýýarlanyp, Ol «Nowça TV» multimediýa platformasy arkaly tomaşaçylara ýetiriler. Multserialyň süňňünde ýaş nesli adamkärçilik, dogruçyllyk, daş-töwerege hormat goýmak we özara kömekleşmek ýaly milli hem-de umumyadamy gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelemek iddeýasy ýatyr. Gyzykly süjetler arkaly çagalaryň dünýägaraşyny giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Multserialyň esasy aýratynlyklarynyň biri hökmünde görkezilýän gahrymanlaryň çagalar bilen bilelikde ösüp-ulalmagy we olaryň gündelik durmuşynda duş gelýän meselelere bilelikde jogap gözlemegi bolup durýar. Ýaş tomaşaçylar her bir täze bölüm arkaly öz söýgüli gahrymanlarynyň başdan geçirmelerine ortak bolup, daşky dünýäni öwrenmäge we möhüm durmuşy sapaklary almaga mümkinçilik alarlar. Bu bolsa taslamanyň diňe bir göwün açar däl, eýsem Pedagogik taýdan hem uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Halkara sergä geljek myhmanlar we ýaş tomaşaçylar «Menekliler» multserialynyň ilkinji seriýalary bilen ýakyndan tanşyp, milli 3D-animasiýasynyň täze tapgyryna şaýat bolup bilerler. Awgust aýynyň 19—22-si aralygynda geçiriljek bu giň gerimli sergi-ýarmarka çagalar dünýäsine degişli köp sanly täzelikleri we innowasion taslamalary bir ýere jemlär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌