Oýun sanawy


Günorta Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada ýurduň premýer-ministri Kim Min Sok Seul şäherinde geçirlen uglerod deňagramlylygy we ýaşyl ösüş boýunça halkara konferensiýasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew bilen geçiren söhbetdeşliginde habar berdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim edýär.
Türkmen ilçisi konferensiýanyň — uglerod deňagramlylygy we ýaşyl ösüş boýunça global hyzmatdaşlyk dabarasynyň açylyş çäresinde gatnaşdy. Çäreden soň, Durdyýew premýer-ministr bilen gysga duşuşyk geçirdi.
Türkmen diplomaty Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň salamlaryny ýetirip, iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada ynam bildirdi.
Koreýa tarapy salamlar üçin minnetdarlyk bildirip, Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň dürli ugurlarda özara peýdaly gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanmasyny nygtady.
Konferensiýanyň açylyşynda premýer-ministr Kim Min Sok, durnukly energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny artdyrmak, uglerod deňagramlylygyna ýetmek we ýaşyl energiýa geçişini tizleşdirmek üçin ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek boýunça hökümetiň programmasy bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.