Oýun sanawy
2025-nji ýylda Russiýa 140 müň rus dilindäki kitaplary — okuw we edebiýat kitaplaryny — dünýäniň 26 ýurduna ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada federal agentlik “Rossotrudniçestwo” habar berdi.
Kitaplar döwlet we hususy bilim edaralaryna, mekdeplere, rus dili ýa-da rus dilinde sapak berilýän synp we guramalara gowşurylar.
Bu ýurtlaryň arasynda postsowet giňişligindäki döwletler — Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we beýlekiler bar.
Taslamanyň maksady — daşary ýurtlarda rus dilini öwrenmegi we rus dilinde bilim almagy goldamakdan ybaratdyr.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen