Oýun sanawy

05 Awgust. 18:15

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada gazak Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bu çäräniň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýagdaýy babatda häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşmak we amaly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm platforma bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle-de söwda-ykdysady, energetika hem-de üstaşyr-ulag ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezidentler Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Iň köp görülen

Bugün 07:31

Belgradda Türkmenistanyň we Serbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we «EXPO-2027»-e gatnaşmak barada gepleşikler geçirildi

Çeşme

Belgradda Türkmenistanyň we Serbiýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaryň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetini Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, serbiýa tarapyny bolsa Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Damýan Ýowiç ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikler dowamynda iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça guralan konstruktiv we mazmunly pikir alyşmalar geçirildi. Diplomatlar syýasy maslahatlaryň yzygiderli geçirilmeginiň täsirli koordinaýyş mehanizm hökmünde uly ähmiýetini belläp geçdiler. Şeýle hem, gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen ikitaraplaýyn kanuny esaslary kämilleşdirmegiň zerurdygy tassyklanyldy.

Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň iň geljegi uly ugurlary hökmünde söwda, dokma senagaty, türkmen polimerleriniň, gübreleriň we oba hojalygy önümleriniň eksporty kesgitlendi. Medeniýet, bilim we syýahatçylyk ýaly gumanitar ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Gepleşiklerde, Türkmenistanyň we Serbiýanyň BMG ýaly halkara guramalarda ýakyn hyzmatdaşlyk edýändigi we möhüm halkara başlangyçlary boýunça bilelikde işler alyp barýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň arasynda ýokary derejede ynam we global meseleler boýunça pozisiýalaryň gabat gelýändigi nygtaldy.

«EXPO-2027» barada duşuşyk

Serbiýadaky saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgradda «EXPO-2027» halkara sergisi boýunça direktory Danilo Ýeriňiç bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikler dowamynda, 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli geçiriljek bu iri halkara sergi boýunça Türkmenistanyň gatnaşygyna degişli guramaçylyk meseleleri jikme-jik maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň şeýle uly möçberli halkara çärede gatnaşmagy, ýurdyň ylym, tehnologiýa we durnukly ösüş pudaklaryndaky gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik berer.