Oýun sanawy

26 Iýul. 14:54

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, döwlet Baştutany Hökümet agzalaryna ýüzlenip:

— Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçýäris — diýip belledi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça degişli toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Iň köp görülen

01 Noý. 12:24

Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň — manadyň 32 ýyllygy bilen gutlady

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlary we bank ulgamynyň işgärlerini milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde manadyň girizilmeginiň ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmekde, maliýe garaşsyzlygyny üpjün etmekde we pul-karz ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bank ulgamy serişdeleriň dolanyşygyny üpjün etmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Gutlag hatynda şeýle hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny giňeltmek we halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara Valýuta Gaznasy, Bütindünýä Banky hem-de “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow belleýär, häzirki wagtda Türkmenistan ilat başyna düşýän içerki önümiň derejesi boýunça ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, şeýle hem halkara guramalaryň ählisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmakda üstünlik arzuw etdi.