Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýanyň ýolbaşçylaryny we halkyny Mukaddes Stefan günü bilen gutlady
20 Awgust. 07:23Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýoka we Premýer-ministri Wiktor Orbana ýurduň milli baýramy — Mukaddes Stefanyň güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Baştutany wenger ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Wengriýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we gülläp ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.