Oýun sanawy

04 Awgust. 12:48

Filemon Ýang Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini nygtady

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Prezidenti Filemon Ýang öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Parlament forumynyň ýokary guramaçylykly derejede geçirilýändigini nygtady. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işine başlady.

Filemon Ýang parlamentleriň ählumumy borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginde işjeňligini artdyrmaklarynyň ähmiýetini hem-de 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde parlamentleriň ornuny belledi.

Ol bu ugurda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda Parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy diýlip, Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda bellenilýär.

Iň köp görülen

Bugün 12:24

Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň — manadyň 32 ýyllygy bilen gutlady

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlary we bank ulgamynyň işgärlerini milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde manadyň girizilmeginiň ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmekde, maliýe garaşsyzlygyny üpjün etmekde we pul-karz ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bank ulgamy serişdeleriň dolanyşygyny üpjün etmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Gutlag hatynda şeýle hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny giňeltmek we halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara Valýuta Gaznasy, Bütindünýä Banky hem-de “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow belleýär, häzirki wagtda Türkmenistan ilat başyna düşýän içerki önümiň derejesi boýunça ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, şeýle hem halkara guramalaryň ählisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.

Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmakda üstünlik arzuw etdi.