Oýun sanawy


«Nike» brendi bazardaky ornuny ýitirýär: paýnamalaryň bahasy keskin peseldi
28 Awgust. 14:26Dünýäniň öňdebaryjy sport harytlaryny öndürijisi «Nike» soňky onýyllyklaryň iň agyr maliýe krizisini başdan geçirýär. Kompaniýanyň paýnamalary 38,44 dollara çenli arzanlap, 12 ýylyň dowamyndaky iň pes görkezijini hasaba aldy. Ýyl başyndan bäri brendiň umumy bazardaky bahasy 39 göterim ýitirildi, bu bolsa maýadarlar üçin 1993-nji ýyldan berli iň şowsuz döwür boldy.
Esasy satyjylaryň passiwligi we «Jordan» seriýasynda täze modelleriň ýetmezçilik etmegi harytlaryň ammar çykdajylaryny artdyrdy. Şeýle hem Hytaý bazarynda diňe öz ykjam goşundysyna daýanmak karary sebäpli brendiň girdejisi 17 göterim azaldy we ýerli «Anta» hamala «Li-Ning» markalary meýdany eýeledi.
Ýagdaýy düzeltmek üçin baş direktor Elliot Hill kompaniýada düýpli üýtgeşmeleri баşlady: 1 400 işgär işden boşadyldy, 8 000 hünärmen bolsa innowasiýalary çaltlaşdyrmak üçin täze toparlara paýlandy. Şeýle-de lomaý söwdany dikeltmek üçin täze ýolbaşçylar bellenildi. Seljerijileriň pikiriçe, brendiň doly dikelmegine 2027–2028-nji ýyllara çenli wagt gerek bolar.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.