Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde milli ýörelgelerimize we ynsanperwerlik pelsepämize laýyk gelýän täsin hem-de taryhy waka boldy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Gahryman Arkadaga ýakynda dünýä inip, hossarsyz galan we Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde döwlet tarapyndan terbiýelenip başlanan gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky haýyş we teklip bilen ýüzlendi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaş nesillerine, aýratyn-da howandarlyga mätäç çagalara berýän hemişelik atalyk söýgisi, olaryň saglygy we gelejegi bilen yzygiderli gyzyklanmagy çagalarda kalbynda uly guwanç duýgusyny oýarýar. Çagalary goramagyň halkara gününiň öňsyrasynda guralan bu geňeşde şeýle asylly meseläniň seredilmegi türkmen jemgyýetiniň çagalara we maşgala mukaddesligine goýýan sarpasynyň aýdyň nyşany boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini doly goldady we bu çaganyň aýlaryň seresi bolan mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi mukaddes we sahawatly senelere bolan milli hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz bu pursatda has dabaraly we pelsepewi sözleri aýdyp, asylly türkmen gümrahynda hossarsyz-howandarsyz çaganyň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup, berkarar we kuwwatly döwletiň durandygyny aýratyn belledi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.