Oýun sanawy

21 Awgust. 05:35

Türkmenistanda täze bilim onlaýn-platformasy EduBridge tanyşdyrylar

«Sanly Köpri» hojalyk jemgyýeti täze onlaýn-platforma EduBridge-niň işe girizilýändigini mälim etdi. Täze platformanyň tanyşdyrylyşy Kids Expo sergisinde geçiriler.

 

EduBridge – hünärmenler bilen olaryň diňleýjileriniň arasynda «köpri» bolup çykyş edýän döwrebap sanly giňişlikdir. Platforma mugallymlara, hünärmenlere we dürli ugurlardan gelen professionalara öz onlaýn sapaklaryny, modullaryny we okuw materiallaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ol bilim we tejribe paýlaşmak, şeýle hem professional ösüşi sanly görnüşde ösdürmek üçin giň mümkinçilik açýar.

 

EduBridge diňe bir aýratyn hünärmenler üçin däl, eýsem dil merkezleri, okuw kurslary we bilim edaralary üçin hem täze mümkinçilikleri açýar. Olar platforma arkaly öz okuw programmalaryny amatly görnüşde hödürläp bilerler, bu bolsa ene-atalara we talyplara iň laýyk ugrukmany saýlap almakda ýardam berer.

 

Täze platformanyň işe girizilmegi Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň möhüm ädimi hökmünde kabul edilýär. EduBridge bilim alyş-çalyşyny ösdürýär we umumy bilim giňişligini döretmäge ýardam berýär. Her bir ulanyjy öz diňleýjisini tapmaga, mümkinçiliklerini açmaga we täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik alýar.