Oýun sanawy


Amerikaly alymlar beýniniň işjeňligini barlamak arkaly depressiýany anyklaýan smartfon oýnuny döretdiler
28 Maý. 12:49Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri adamlarda ruhy çökgünligi we depressiw ýagdaýlary gysga wagtyň içinde ýüze çykarmaga ukyply bolan ýörite programma üpjünçiligini taýýarladylar. Medical Press neşiriniň berýän habaryna görä, bu täze sanly ulgamyň berýän netijeleri hassahanalarda geçirilýän adaty kliniki barlaglaryň takyklygyndan pes düşmeýär. Bu taslama angedoniýa, ýagny adamyň durmuşdan lezzet alyp bilmezlik we höwesiniň gaçmak alamatlaryny seljermäge esaslanýar. Maglumatlara görä, bu ruhy bozulma depressiýadan ejir çekýänleriň 70 göterimine golaýynda ýüze çykýar.
Smartfonlar arkaly uzak aralykdan ulanmaga niýetlenen bu goşundynyň synag işlerine jemi 120 adam gatnaşdyryldy. Olaryň 70-si sagdyn meýletünlär wehimini düzse, 50-si bolsa depressiýa kesel kesgidi öňden goýlan näsaglardyr. Oýnuň şertlerine görä, gatnaşyjylara wirtual baglardan gaçýan almalary ýygnamak tabşyryldy. Wagtyň geçmegi bilen şahalardaky miweleriň sany azaldy, emma oýunçylarda islendik pursatda hasyllylygy has ýokary bolan başga bir wirtual şaha geçmek hukugy saklandy.
Ylmy barlagçylar gatnaşyjylaryň baglary haçan we haýsy şertlerde çalşandyklaryna aýratyn üns berdiler we olaryň hereketlerinde uly tapawutlary ýüze çykardylar. Sagdyn gatnaşyjylar şahada takmynan bäş sany alma galýança hasyl ýygnamagy dowam eden bolsalar, ruhy çökgünlikdäki adamlar has ir, ýagny sekiz-dokuz alma galanda işi bes edip, ruhdan düşüpdirler. Bu ýagdaý näsaglaryň beýnisinde höweslendiriş ulgamynyň üzgün işleýändigini görkezýär.
Nýu-Ýork uniwersitetiniň Grossman Medisina mekdebiniň Transslýasional neýroylymlar institutynyň direktory Pol Glimçer bu sanly oýnuň depressiýaly näsaglaryň beýnisindäki gizlin üýtgeşmeleri öwrenmäge täze açar berendigini mälim etdi. Alymlar geljekde bu usulyň edil gan basyşyny ölçemek arkaly ýürek kesellerini anyklaýşymyz ýaly, adaty we ygtybarly diagnostika guralyna öwrüljekdigine ynanýarlar. Täze tehnologiýa lukmanlara uzak şäherlerdäki näsaglaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmäge giň mümkinçilikler açar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.