Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri we Azerbaýjanyň Prezidenti doganlyk gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmagy ara alyp maslahatlaşdylar
26 Iýun. 03:08Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ýokary derejeli telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginiň beren maglumatyna görä, taraplar mähirli salamlaşyp, iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik we goňşuçylyk gatnaşyklaryň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran taryhy döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze badalgalar bilen baýlaşdyrandygyny aýratyn nygtady.
Gahryman Arkadagymyz ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen wekiliýetine görkezilen sypanyň we myhmansöýerligiň bütin türkmen halkyna goýulýan sarpadygyny belledi hem-de doganlyk ýurt tarapyndan sowgat berlen täze «Dostluk» atly döwrebap gämi üçin aýratyn minnetdarlygyny ýetirdi. Saparyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady, senagat, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmek üçin berk binýat boldy. Şeýle-de, taraplar oguz taryhyndan gözbaş alýan umumy gymmatlyklara ünsi çekip, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku we Genje şäherlerinde, Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň bolsa Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň medeni-ynsanperwer dostlugy has-da durnuklaşdyrandygyny tassykladylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege döwlet işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.