Oýun sanawy


Mask başga kompaniýanyň «Twitter» adyny ulanmagyna kazyýet gadaganlygyny gazandy
07 Sen. 05:05Ilon Maskyň X kompaniýasynyň arza bermegi boýunça ABŞ-nyň Delawer ştatynyň kazyýeti «Operation Bluebird» startapyna «Twitter» adyny we haryt nyşanlaryny ulanmagy wagtlaýyn gadagan etdi. «Reuters» agentliginiň habar berşi ýaly, kazyýet startapyň bu ady ulanmagyny sarp edijileri bulaşdyrmak we haryt nyşanyny bozmak hökmünde baha berdi. Şol bir wagtyň özünde, X kompaniýasynyň adyny üýtgetmegi bilen bu brendden ýüz öwrenligi baradaky deliller kabul edilmedi.
Şeýle-de bolsa, kazyýet Maskyň ozal «ähli guşlar» bilen hoşlaşýandygy baradaky beýanaty sebäpli X kompaniýasynyň «twit» sözüne we gök guşly logotipe bolan hukuklaryny ýitirendigini belledi hamana startapyň bu logotipi ulanmagyny petiklemek baradaky haýyşyny ret etdi. «Operation Bluebird» bu brendi täze bäsdeş platforma üçin ulanmagy meýilleşdirýän hem bolsa, X kompaniýasy «Twitter» brendiniň häzirem işjeňdigini kazyýet üsti bilen subut etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.