Oýun sanawy

Türkmenistanda ýol howpsuzlygy boýunça köpçülikleýin biraýlyga badalga berilýär

26 Awgust. 16:34

Çeşme

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem-de paýtagt şäherinde 1-nji sentýabrdan başlap ýollarda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen däbe öwrülen biraýlyk çäre geçirilip başlanar. Şeýle giň göwrümli jemgyýetçilik çäresi ýurdumyzda eýýäm on ikinji gezek guralýar. Bu ýylky aksiýa «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda amala aşyrylar.

Çäräniň çäklerinde degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar tarapyndan sürüjileriň hem-de pyýadalaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maslahatlar guralar. Bilim edaralarynda, edara-kärhanalarda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda öwüt-ündew duşuşyklary hem-de wagyz-nesihat çäreleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýol hereketine gatnaşyjylaryň jogapkärçiligini artdyrmaga hyzmat eder.

Täze okuw ýylynyň başlamagy bilen Baglylykda mekdepleriň, çagalar baglarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň töwereklerinde gözegçilik işleri ep-esli güýçlendiriler. Şol ýerlerde ýol gözegçilik gullugynyň gullukçylary bilen bir hatarda eko-welosipedli nobatçy toparlar hem zähmet çekerler. Aýratyn hem ilat köp gatnaýan köçelerinde we şaýollarda düzgünlerin berjaý edilişine berk gözegçilik ediler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, ýollardaky tertip-düzgün milli we kanunçylyk binýady arkaly kadalaşdyrylýar. Biraýlygyň dowamynda bellemeleri ýerine ýetirmediýän we ýol ereketiniň düzgünlerini bozan raýatlara Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodekse laýyklykda yzygiderli çäreler görüler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌