Oýun sanawy


Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň degişli gulluklarynyň arasynda täze resmi resminama gol çekildi
23 Iýun. 06:25Warşawa şäherinde guralan resmi duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşanyň Serhet gullugynyň ýolbaşçysy Robert Bagan migrasiýa ulgamynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama iki döwletiň hukuk goraýjy we serhet gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze hile götermäge gönükdirilendir.
Täze gol çekilen Ähtnama laýyklykda, taraplar geljekde maglumatlary we öňdebaryjy iş tejribelerini işjeň alyşmagy meýilleşdirýärler. Şeýle-de resminamanyň çäklerinde iki edaranyň hünärmenleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, bilelikdäki geňeşmeleri we bilermenleriň ýörite duşuşyklaryny yzygiderli gurnamak göz öňünde tutulýar.
Gepleşikleriň resmi böleginde taraplar diňe bir ikiçäk gatnaşyklar bilen çäklenmän, eýsem ählumumy migrasiýa ugurlarynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini hem giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bu ugurdaky bilelikdäki ädimleriň sebit howpsuzlygyna goşant goşjakdygyny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.