Oýun sanawy

Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygy: pikirler we gelnen netijeler

08 Awgust. 13:22

Çeşme

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýsatynyň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň we zenanlaryň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy.

 

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynda gender deňligini üpjün etmek boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulandygyny we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini oňyn çözmäge ýardam berjekdigini nygtady.

 

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine ünsi çekdi.

 

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa zenanlaryň ykdysady we syýasy durmuşa giňden gatnaşmagyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi işjeň dowam etdirmäge çagyrdy.

 

Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň ösüşiň synagdan geçen strategiýasy bolup durýandygyny belledi.

 

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde zenanlaryň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.


Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Bu forum zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini görkezdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌