Oýun sanawy


Awazada DÇBÖBD-niň Ýaşlar jarnamasy kabul edildi
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, kabul edilmegi meýilleşdirilýän bu resminama BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalarynyň ýardam bermeginde, Ýaşlar guramalarynyň halkara komiteti hem-de Çagalaryň we ýaşlaryň işleri boýunça esasy toparyň awtordaşlygynda, deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanyldy.
Bu Jarnama DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze Hereketler maksatnamasynyň wezipelerini hem-de maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip, ýaşlaryň has gowy geljek babatda garaýyşlaryny beýan edýär.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup durýar we olaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, bu Jarnama ýaşlaryň öz geljegini we ýurtlarynyň geljegine degişli strategiýalary döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Çykyş edenler diňe bilelikdäki tagallalar we hyzmatdaşlyk bilen ýaşlaryň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmegiň mümkindigini nygtap, pikirleriniň we teklipleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan göz öňünde tutuljakdygyna, munuň bolsa hemmeler üçin has röwşen geljegi gurmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ýaşlaryň özgertmeleriň we innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüdigini, olaryň pikirleriniň we parahatçylyga ymtylmalarynyň öz ýurtlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini ýeňip geçmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýaşlary bu forumy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin ulanmaga çagyrdy.
Soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang BMG-niň ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň ýokary hilli bilime, tehnologiýalara we mynasyp iş orunlaryna elýeterliligini, şeýle hem ähli derejelerde çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we bilelikde has röwşen geljegi gurup boljakdygyna ynam bildirdi.
Forumyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýda Ýaşlar jarnamasyny gowşurdy.
Açylyş dabarasynyň dowamynda foruma gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Düýn günüň ikinji ýarymynda forum «Ýaşlar üns merkezinde: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly mejlis bilen dowam etdi.
Ýatladyp geçsek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumy düýn başlady we bu gün hem öz işini dowam edýär.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen
Türkmenistanyň Prezidenti milli pul birliginiň — manadyň 32 ýyllygy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow raýatlary we bank ulgamynyň işgärlerini milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutany öz ýüzlenmesinde manadyň girizilmeginiň ýurduň ykdysady durnuklylygyny berkitmekde, maliýe garaşsyzlygyny üpjün etmekde we pul-karz ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.
Prezidentiň nygtaýşy ýaly, bank ulgamy serişdeleriň dolanyşygyny üpjün etmekde, maýa goýumlaryny artdyrmakda hem-de häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Gutlag hatynda şeýle hem bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyklaşdyrmak, elektron töleg ulgamyny giňeltmek we halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara Valýuta Gaznasy, Bütindünýä Banky hem-de “Fitch Ratings” agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigi bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow belleýär, häzirki wagtda Türkmenistan ilat başyna düşýän içerki önümiň derejesi boýunça ýokary girdejili ýurtlaryň hataryna girýär, şeýle hem halkara guramalaryň ählisi ýurduň durnukly ykdysady ösüşine oňyn baha berýär.
Döwlet Baştutany gutlagynyň ahyrynda ähli watandaşlaryna berk jan saglyk, abadançylyk we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşine goşant goşmakda üstünlik arzuw etdi.