Oýun sanawy

01 Awgust. 05:09

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän 2025-nji ýyly Türkmenistan watanymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, asudalygy we ynanyşmaklygy berkitmekligi ugur edinýän daşary syýasatyny giňden wagyz edýän  halkara çäreleriň yzygider geçirilýän ýyly hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli dürli çäreler, halkara forumlar, ylmy-amaly maslahatlary  yzygiderli geçirilýär.

Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçiriljek dabaralary zähmet üstünlikleri, sebit hem halkara derejede abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary dünýä ýaýmak maksady bilen halkara ähmiýetli işleri amala aşyrýar. Hut şonuň üçin-de, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň pent sargytlaryndan, öwüt ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu ýubileý medal bilen:

   Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet   jemgyýetçilik işi, şeýle hem hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda, ata Watanymyzyň halkara abraýyny berkitmekde goşan uly şahsy goşandy üçin;

   Ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan zähmet üstünlikleri we hyzmatlary üçin;

   Ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde  bitiren  uly hyzmatlary üçin;

Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin; 

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny halkara giňişliginde goldamakda we wagyz etmekde mynasyp goşantlaryny goşan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanylyp bilner.

Ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlara gowşurylmak bilen, Watan üçin, bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmaklygy, asudalygy berkitmek üçin zähmet çekýän adamlaryň işine uly baha we hormak hökmünde döredildi.

Iň köp görülen

01 Noý. 06:33

Hindistanyň milli birligi güni Aşgabadyňda bellenildi

Çeşme

Türkmenistanyň paýtagtynda Hindistanyň milli birligi güni we Hindistanyň döwürleýin döwletini döreden esasy figuralardan biri bolan Sardar Wallabhbhai Pateleň 150 ýyllygy bellenildi. Bu çäre Hindistanyň Aşgabadyndaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Ilçihananyň başlygy Bandaru Wilsanbabu söz sozi berdi. Ol gatnaşyjylara Hindistanyň garaşsyzlyk ugrunda gewreli kämilleşdirilen ýeke-täk adam bolan Sardar Patel barada ýatlatdy we onuň ýurda garaşsyzlyk gazanylandan soň birinji Premýer-ministriň orunbasary we içerki işler ministri wezipesini tutandygyny nygtady.

"«Hindistanyň Demir adamy» diýip ykrar edilýän Sardar Patel Hindistanyň üstünde 560-dan gowrak dünýädeki knýazlyklar bilen birleşmegine uly hyzmat etdi" diýip, ilçi nygtady. Şeýle hem, ol Patelni "Hindistanyň döwlet gullugynyň atasy" diýip atlandyryp, umumy dolandyryş ulgamyň döredilmegine goşan goşantyny bellenip geçdi.

Ilçi, şeýle hem Hindistanyň 2014-nji ýyldan bäri Sardar Pateliniň doglan gününü (31-nji oktýabr) Milli Birlik güni hökmünde bellenýändigini we 2018-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Mody tarapyndan Gujaratda «Birlik heýkeli» 182 metrli heýkeliniň açylandygyny ýatlatdy.

Wilsanbabu, Hindistan bilen Türkmenistan arasyndaky gadymy medeni we medeni baglanyşyklary belläp, "Dünýäde dördünji uly ykdysadyýeti we iň tiz ösýän ykdysadyýeti bolan Hindistan, Türkmenistanyň isleglerine we maksatlaryna laýyklykda öz tejribelerini paýlaşmaga taýýar" diýip belledi.