Oýun sanawy


Ýaponiýanyň mekdeplerinde emeli aň sowatlylygy hökmany sapak ediler
03 Sen. 10:43Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrligi (MEXT) mekdep maksatnamasynyň täze standartlar taslamasyny hödürledi. Şoňa görä, emeli aň (AI) bilen işlemek we maglumat sowatlylygy 2030-njy ýyldan başlap ýurduň sedli mekdeplerinde hökmany ders hökmünde öwrediler.
Täze özgermeleriň esasy ugurlary:
Başlangyç synplar: Maglumat tehnologiýalary we emeli aň baradaky temalar «Integrirlenedik sapaklar» (Period for Integrated Studies) ugry boýunça öwrediler.
Orta mekdepler: «Maglumat we tehnologiýalar» diýen täze aýratyn ders giriziler.
Esasy üns beriljek meseleler: Okuwçylara diňe bir AI guralyny peýdalanmak däl, eýsem galp maglumatlary (fakes) tapawutlandyrmak, algoritmik bütewiligi saklamak we AI-nyň adamyň pikirlenmesine ýetirýän etiki ile akyl ýetiriş täsirlerine düşünmek öwrediler.
Mekdepleriň erkinligi: Mekdepler aýry-aýry dersleriň sagat sanyny 15%-e çenli azaldyp, ol wagty okuwçylara şahsy ýardam bermäge ýa-da mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmaga gönükdirip bilerler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.