Oýun sanawy


Halkara Olimpiýa komiteti oýunlara gatnaşýan ähli türgenlere pul sylagyny berer
26 Iýun. 09:41Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) dünýäniň iň abraýly sport ýaryşlaryna gatnaşýan pälwanlar we türgenler üçin täze maddy goldaw ulgamyny döredýär. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, Olimpiada wekilçilik edýän her bir sportça 10 müň amerikan dollary möçberinde aýratyn grant berler. Bu maliýe kömegi ilkinji gezek Milanda guralan gyşky Olimpiýa oýunlaryndan başlap güýje girer.
Munuň ýaly täze we giň gerimli maksatnamanyň taslamasy barada HOK-nyň türgenler komissiýasynyň ýolbaşçysy Pau Gasol Lozannada geçen guramanyň resmi maslahatynda habar berdi. Guramanyň wekiliniň aýtmagyna görä, ozal halkara derejesinde diňe baýrakly orunlary eýelän türgenler pul sylaglaryna mynasyp bolýan bolsa, indi oýunlara gatnaşmagyň özi maddy taýdan höweslendiriler.
Täze maksatnamanyň esasy maksady diňe bir ýeňiji bolanlary däl, eýsem Olimpiýa oýunlaryna çenli uly zähmet çekip, oňa gatnaşmaga hukuk gazanan ähli sportçylary goldamakdan ybaratdyr. Ýolbaşçylaryň pikiriçe, bu taslama dünýä sportunyň ösmegine hem-de dürli ýurtlardan gelen wekilleriň bäsleşik ruhunyň has-da durnukly bolmagyna ýardam eder.
Ýöne maddy granty almak üçin ýaryşa gatnaşyjylardan käbir möhüm talaplary berjaý etmek talap ediler. Pul sylagyna diňe dopinge garşy düzgünleri doly berjaý eden, HOK-nyň etika kadalaryna we Olimpiýa hartiýasynyň talaplaryna wepaly galan hem-de hiç hili jerime almadyk arassa türgenler dalaş edip bilerler.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.