Oýun sanawy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi

18 Iýun. 05:25

Çeşme

Ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täze belentliklere çykarmak maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi üstünlikli guraldy. Bu möhüm çärä iki döwletiň degişli ugurlarynyň ýolbaşçylary hem-de toparyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginiň beren maglumatyna görä, mejlisiň barşynda Türkmenistanyň ykdysady sepgitleri, baý mümkinçilikleri we daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilýän giň şertler hakynda slowak wekillerine giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de, Slowakiýanyň wekiliýeti öz milli ykdysadyýetiniň esasy aýratynlyklary we geljegi uly bolan ugurlary bilen türkmen kärdeşlerini tanyşdyrdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň çäklerinde guralýan halkara işewürlik çäreleri we senagat sergileri barada yzygiderli maglumat alyşmak kararyna geldiler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň we Slowakiýanyň telekeçileriniň hem-de hususy pudak wekilleriniň arasynda özara işewürlik saparlaryny guramak meýilleşdirilýär. Şunlukda, ýakyn wagtda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň derejesinde ikitaraplaýyn hünärmen geňeşmelerini geçirmek hem-de söwda dolanyşygynyň möçberini ýokary götermek meselesi hem ylalaşyldy. Bilelikdäki toparyň ilkinji mejlisiniň çäklerinde taraplaryň arasynda anyk taslamalar boýunça birnäçe netijeli duşuşyklar hem guraldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌