Oýun sanawy

Hajy Arkadagymyz baýram namazyna gatnaşdy we gurbanlyk sadakasyny berdi

27 Maý. 17:54

Çeşme

Türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadagymyz Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Gurban baýramynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýram namazyny okady. Şeýle-de ol Arkadag şäherindäki täze metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşdy hem-de täze döwrebap şäherde gurbanlyk sadakasyny berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hajy Arkadagymyz Türkmenbaşynyň ruhy metjidine ýygnanan dindarlary mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Ol şu günden başlap üç günüň dowamynda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, metjide girdi. Sebitde iň uly metjit hasaplanýan bu mukaddes desgada agzybirlikde baýram namazy okaldy. Baýram namazy okalandan soňra, ýurduň parahat, asmanyň asuda, ýyllaryň rysgal-bereketli bolmagy, okalan aýat-töwirleriň gabul bolmagy dileg edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌