Oýun sanawy
Google kompaniýasy Google Translate mobil goşundysynda Practice atly täze funksionallygy synagdan geçirmegi başlady. Bu täze mümkinçilik meşhur terjimeçini interaktiw dil öwreniş platformasyna öwürýär — şahsylaşdyrylan sapaklar, tapgyrlaýyn tälim we gündelik maksatlar bilen.
Ulanyjylar özleriniň dil derejesini — başlangyçdan ýokary derejä çenli — saýlap bilerler we dürli temalar boýunça türgenleşip bilerler: «Iýmit we içgiler», «Şäherde ýol soramak» we ş.m. Sapaklar tapgyr görnüşinde geçirilýär, her tapgyrdan soň kynlyk derejesini üýtgetmek bolýar. Şeýle-de ulgam ösüşi yzarlap, gündelik wezipeleri hödürleýär.
Häzirki wagtda Practice interfeýsi iňlis, fransuz, ispan we portugal dillerinde elýeterli, emma türgenleşik diňe fransuz we ispan dilleri üçin açyk.
Goşundynyň käbir ýerlerinde «synag döwri» we «ir giriş» ýaly ýazgylar bar — bu bolsa, geljekde funksionallygyň tölegli görnüşe geçmegi ýa-da Google One abunalysyna goşulmagy mümkin diýýär.
Bu ädim Google Translate hyzmatyny diňe terjime bilen çäklenmän, Duolingo ýaly platformalara hakyky bäsdeş edip biler.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistan «Bitewi saglyk» taslamasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
29-31-nji oktýabr aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede «Pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny hem-de ekoulgamlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk”» atly taslamanyň ilkinji sebitleýin maslahaty we Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň we degişli ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem halkara guramalar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalyk, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, şeýle hem maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hünärmenlerinden ybarat boldy.
Umumy mejlisde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň adyndan Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda durnukly ösüş ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, ilatyň saglygyna, haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýändigini belledi.
A.Soltanmyradowyň bellemegine görä, «Bitewi saglyk» konsepsiýasy azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, mallardan adamlara geçýän keselleriň (zoonozlaryň) öňüni almaga we weterinariýa-sanitariýa abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň bu ugurda edaralaryň we sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Maslahat, ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri utgaşdyrmak hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança öwrüldi. Gatnaşyjylar Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň işiniň ýola goýluşyny we taslamany ýerine ýetirmäge goldaw berjek tehniki iş toparlaryny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň «Bitewi saglyk» ulgamynyň ösdürilmegine goşan möhüm goşandyny bellediler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalarynyň dünýä derejesinde biologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşjagyna ynam bildirdiler.