Oýun sanawy


«Galkynyş» topary Niderlandlardaky dünýä çempionatynda «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» baýragyna mynasyp boldy
07 Sen. 07:11Niderlandlaryň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary «Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan» diýen özel baýrak bilen sylaglanyldy. TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen bu meşhur topar özüniň gaýtalanmajak çapyksuwar ussatlygy hem-de milli atçylyk ýörelgeleri bilen halkara giňişliginde uly alkyşa eýe boldy.
«Galkynyş» topary gözelligi we çaltlygy birleşdirýän çykyşlary bilen dünýäniň köp sanly ýurtlarynda geçirilen bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanyp gelýär. Topar Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda Baş baýraga we Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalaryna eýe boldy. Şeýle hem olar Baku, Daşkent, Kazan şäherlerinde, Birleşen Patyşalygyň Windzor galasynda we Stambuldaky VIII Halkara etnosport hem-de medeniýet festiwalynda üstünlikli çykyş edip, «Dünýä çempiony» diýen hormatly at bilen bir hatarda birden köp ýokary baýraklary eýelediler.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.