Oýun sanawy


Türkmenistan we Malaýziýa diplomatik gatnaşyklary ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirdi
03 Iýun. 13:53Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen onuň malaýziýaly kärdeşi Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan özara telefon söhbetdeşligini geçirdiler. Iki döwletiň ministrlikleriniň bu gezekki diplomatik gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlaryna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy maglumat berdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryna, şol sanda syýasy, ykdysady-söwda, medeni we ylmy-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň we bar bolan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak ugrunda özara pikir alyşdylar.
Diplomatlar geljekde guralmagy meýilleşdirilýän ýokary derejedäki resmi duşuşyklaryň we döwlet baştutanlarynyň gepleşikleriň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şonuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri dowam etdirmek we halkara guramalaryň çäklerinde biri-biriňi goldamak tejribesini pugtalandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Aziýa-Ýuwaş umman sebiti we Merkezi Aziýa sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar. Ministrler iki dostlukly döwletiň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.