Oýun sanawy

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

28 Maý. 04:45

Çeşme

26-njy maýda Nýu-Ýorka amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony dürli ugurlar boýunça täze sepgitlere çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, ýokary we iň ýokary derejedäki saparlary hem-de duşuşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar we halkara meýdançalarynda iki döwletiň biri-birine berýän ýokary derejeli goldawyna ýokary baha berdiler. Geljekde geçiriljek uly halkara çäreleriniň taýýarlyk meseleleri hem maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.