Oýun sanawy


Taryhda ilkinji gezek tutuş döwleti howanyň üýtgemegi bilen baglylykda göçürýärler
Tuwalu ada-döwleti özüniň 11 müň raýatynyň ählisini deňziň derejesiniň ýokarlanmagy we deňiz harasatlaryň köpelmegi bilen bagly göçürmäge taýýarlanýar. 2023-nji ýyldan başlap, ýurduň Awstraliýa bulen howa ygtyýarnamasy esasynda göçýänleri kabul etmek barada ylalaşygy hereket edýär.
Tuwalunyň ortaça belentligi umman derejesinden bary-ýogy 2 metrdir. Howanyň gyzmagy diňe bir buzluklaryň eremegine däl, häzir adany basýan deňiz tupanlarynyň hem ýygjamlaşmagyna getirdi. «Wired» neşiriniň habaryna görä, 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Awstraliýa geňeşi göçmek barada 9 müňe golaý arza kabul etdi, bu adanyň uly ýaşly ilatynyň tas ýarysydyr. Habarda on ýylda ada-döwleti ilatyň tas ýarysynyň terk etjekdigi bellenýär.
Ilaty göçürmek dowam edýärkä, Tuwalunyň hökümeti adalaryň 3D-skanirlenmegine girişdiler. Bu ýitirilen landşaftyň we medeni ýerleriň sanly nusgasyny saklamak üçin amala aşyrylýar. Has dogrusy, bu ýitip barýan ýurt barada taryhda yz galdyrmak üçin edilýär.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2050-nji ýyla çenli kenarýaka şäherleriň ýüz millionlarça ýaşaýjysy dowamly gark bolma bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. BMG-niň bahalandyrmagyna görä, eýýäm häzir deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş dünýäde milliard töweregi adama howp salýar.
Şeýle hem okanyň
Iň köp görülen


Türkmenistanyň wekiliýeti Manasda GDA-nyň Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşine gatnaşdy
Oktýabr aýynyň 30-da Gyrgyz Respublikasynyň Manas şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Serhet goşunlarynyň serkerdeleri Geňeşiniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Mejlise Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan döwletleriniň serhet gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem GDA ýerine ýetiriji komitetiniň, Geňeşiň utgaşdyryjy gullugynyň, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHSG), ŞHG-nyň we Serhet gullugynyň weteranlarynyň halkara birleşiginiň wekilleri gatnaşdy diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Geňeşde GDA agza ýurtlarynyň daşky serhetlerindäki ýagdaýlar seljerildi hem-de olaryň howpsuzlygyny berkitmek boýunça goşmaça çäreler kesgitlenildi.
Şeýle hem GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkezi, Jenaýatçylyk bilen göreşi utgaşdyryjy býuro we ŞHG-nyň sebit terrorçylyga garşy gurluşy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geňeş 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleri seljerip, indiki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Jemi 22 çözgüt kabul edilip, olar serhet howpsuzlygyny berkitmäge hem-de GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Mundan başga-da, serhetleri goramakda aýratyn göreldelik görkezen harby gullukçylara Geňeşiň karary bilen sylaglar gowşuryldy.