Oýun sanawy


«Arkadag» futbol topary öz meýdançasynda «Şagadamdan» üstün çykyp, ýaryş tertibinde öňe saýlandy
22 Aprel. 10:08Türkmenistanyň futbol çempionatynyň dördünji tapgyrynyň çäklerinde häzirki çempion «Arkadag» topary özüňiň Arkadag şäherindäki täze stadionynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. «Şagadam» toparyna garşy geçirilen bäsdeşlik 3:2 hasabynda ýerli toparyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu oýun Wladimir Baýramowyň şägirtleri üçin şu möwsümde öz öýünde geçiren ilkinji resmi duşuşygy hökmünde hasaba alyndy.
Oýun örän çekeleşikli we gollara baý boldy. Ýeňiji toparyň hatarynda Didar Durdyýew 4-nji we 38-nji minutlarda tapawutlanyp, dubl etmegi başardy, üçünji pökgini bolsa 75-nji minutda Şamämmet Hydyrow derwezä girizdi. «Şagadam» toparyndan iki pökgini hem Serdar Gulyýew öz adyna ýazdyrdy (45-nji minutda we 61-nji minutda penaltiden), bu bolsa oýnuň dowamynda dartgynlylygy has-da artdyrdy.
Bu möhüm ýeňişden soň «Arkadag» topary 12 utuk toplap, Ýokary liganyň ýaryş tertibinde ýeke-täk öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Myhmançylykda ýeňilen «Şagadam» topary 9 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Sanawyň ilkinji üçlügini 6 utuk bilen «Altyn Asyr» topary jemleýär, emma bu toparyň ätiýaçda bir oýnunyň bardygyny ýatlatmalydyrys.
Mundan ozal çempion toparyň öý oýunlaryny paýtagtyň «Aşgabat» stadionynda geçirendigini we şol ýerde «Merwi» 7:1, «Ahaly» bolsa 1:0 hasabynda ýeňendigini bellemek gerek. Tapgyryň beýleki duşuşyklary 22-nji aprelde dowam eder: «Köpetdag» «Nebitçi» bilen, «Merw» «Aşgabat» bilen, «Ahal» bolsa «Altyn Asyr» topary bilen güýç synanyşar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.