Oýun sanawy

Aşgabatdaky BMG-niň Sebit merkeziniň iş ugurlaryny giňeltmek barada gepleşikler geçirildi

27 Maý. 14:35

Çeşme

26-njy maýda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlo duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň amaly gurallary we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) alyp barýan işlerine ýokary baha berildi. Taraplar sebitdäki durnuklylygy we döwletleriň arasyndaky özara ynamy has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bu merkeziň wezipelerini we iş ugurlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ädim Merkezi Aziýada parahatçylykly düzgünleşdiriş mehanizmleriniň netijeliligini artmaga ýardam eder.

Şeýle hem çärede Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy durmuşa geçirmegiň ilkinji amaly ädimleri aýan edildi. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we Bitaraplyk kafedrasynyň açylandygy, onuň binýadynda ýöriteleşdirilen magistr maksatnamasynyň amala aşyryljakdygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebit taslamalarynyň, aýratyn hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de energetika howpsuzlygyny berkitmekdäki taryhy ornuny nygtadylar.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.