Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.
Esen Aýdogdyýew diplomatiýa ulgamynda uly tejribä eýedir. Ol DİM-de işläp başlamak bilen, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky hamala Ženewadaky wekilhanalarynda, Awstriýada, Şweýsariýada we Russiýada ilçi wezipelerinde zähmet çekdi. Şeýle hem ol 2014–2023-nji ýyllar aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory bolup işledi. Ol 2026-njy ýylyň mart aýydan bäri Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesini ýerine ýetirip gelýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.