Oýun sanawy

Kriştianu Ronaldu sport taryhynda umumy girdeji 2 milliard dollara ýeten ilkinji türgen boldy

24 Okt. 04:28

Çeşme

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu häzirki zaman türgenleriniň arasynda umumy gazanjy 2 milliard dollarlyk sepgide ýeten ilkinji türgen hökmünde taryha girdi. «Forbes» žurnalynyň geçiren hünärmenlik seljermelerine görä, 41 ýaşly futbolçy 2026/27 möwsüminde şertnama laýyklykda 250 million dollar zähmet hakyny alar. Mundan başga-da, Ronalduyň hususy biznes taslamalary we iri mahabat ylalaşyklary oňa ýene-de 50 million dollar töweregi goşmaça girdeji getirer.

Neşiriň çaklamalaryna görä, geljek ýyl bu ägirt uly 2 milliard dollarlyk sepgide «Inter Maýami» klubynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi hem ýetip biler. «Forbes-iň» çaklamalaryna görä, Messiniň geljekki umumy girdejisi 145 million ýewro deň bolar. Şeýle hem Ronaldunyň täze maýa goýum taslamalary işjeňleşýär. Oktýabr aýynda onuň Bragansa munisipalitetinde mineral suw önümçiligine 10 million ýewro maýa goýandygy mälim boldy. Bu täze zawodyň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Finans hünärmenleriniň bellemegine görä, «umumy gazanç» görkezijisi salgytlar tutulmazdan öňki ähli girdejileri, ýagny klub zähmet haklaryny, bonuslary, sponsorlyk we ygtyýarnama ylalaşyklaryny ham-da maýa goýum girdejilerini öz içine alýar. «Forbes» bu maglumatlary açyk şertnamalara, hyzmatdaş kompaniýalaryň maliýe hasabatlaryna daýanyp taýýarlaýar. Ronaldunyň bu maliýe üstünligi häzirki zaman sport biznesinde täze rekord hökmünde bellendi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

24 Okt. 10:17

Çeşme

«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌