Oýun sanawy

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň iş tertibi biynjalyklyk döredýär: ýeterlik ukusyzlyk we zähmet medeniýeti

28 Iýul. 08:37

Çeşme

Ýaponiýanyň Hökümet ýolbaşçysy Sanae Takaitiniň аşyry zähmet günleri we dynç almagyň ýetersizligi baradaky habarlar ýurtda uly seslenme döretdi. 65 ýaşly syýasatçynyň sosial ulgamlarda paýlaşan maglumatlaryna salgylanyp metbugatda ýazylyşy ýaly, ol wezipä geçen gününden bäri dowamly ukusyzlykdan kösenýär. Döwlet işleriniň köplügi sebäpli Ministrler Kabinetiniň baştutany gijelerine bary-ýogy üç sagat töweregi uklama bilen çäklenmeli bolýar.

Bellenilişi ýaly, hatda gije sagat on ikiden üçe çenli bolan gysga wagtlyk uky hem Premýer-ministre hemişe başardyp durmaýar. Iýul aýynyň köp bölegini diňe resminamalary we hökümet materiallaryny öwrenmäge sarp eden syýasatçy diňe Deňiz gününde — resmi baýramçylyk gününde ukusyny bäş sagada çenli uzaltmaga mümkinçilik tapypdyr.

Syýasatçynyň bu ýagdaýy ýerli hünärmenleriň we syýasatçylaryň arasynda çeňňel aladalanmalary döretdi. Hünärmenleriň pikiriçe, ýeterlik dynç almazlyk milli derejedäki krizisli ýagdaýlarda we möhüm kararlar kabul edilende dolandyryşyň netijeliligine hem-де işjeňligine ters täsir edip biler.

Şol bir wagtyň özünde, Ýaponiýanyň jemgyýetçilik durmuşynda «inemuri» diýlip atlandyrylýan gündizki gysga uky medeniýeti giňden ýaýrandyr. Iş meýdançasynda ýa-da resmi duşuşyklaryň gidişinde irkilmek ýurtdaky zähmet kadasyna görä hormatsyzlyk däl-de, eýsem adamyň gulluk borjyna çuňňur berlenliginiň we çekilýän zähmetiň aýdyň nyşany hökmünde kabul edilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌