Oýun sanawy


«Barselona» Rodrini transfer etdi we Kanselunyň yzyna dolanjakdygyny yglan etdi
19 Awgust. 16:18«Barselona» tomusky transfer penjiresinde iri şertnamalaryň birini amala aşyrdy. Klub «Mançester Siti» toparynyň hamda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodriniň toparyň hataryna goşulandygy barada resmi taýdan habar berdi. 2024-nji ýylyň «Altyn topunyň» eýesi we 2026-njy ýylyň Dünýä çempiony bolan 30 ýaşly futbolçy katalonlar bilen 2030-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli bellenilen şertnama gol çekdi.
Futbolçynyň transferi üçin «Barselona» 60 million ýewro möçberinde göni töleg geçirdi, şeýle hem goşmaça 16,5 million ýewro bonus töleglerini amala aşyrmaga razylyk berdi. Rodri öz çykyşynda «Mançester Siti» toparyna minnetdarlyk bildirip, başga-da bir teklip alandygyna garamazdan, «Barselonanyň» oýun filosofiýasy sebäpli diňe bu klubu saýlandygyny nygtady.
Rodriden başga-da, katalonlaryň hataryna Portugaliýanyň ýygyndysynyň goragçysy Žoau Kanselu hem goşulýar. 32 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň «Al-Hilýal» topary bilen şertnamasyny ýatyryp, «Barselona» erkin agent hökmünde geçýär.
Şeýle hem okanyň


Gyrgyzystanda geçirilen VI Bütindünýä çarwadarlar oýunlary dabaraly ýagdaýda tamamlandy. Dünýäniň 106 ýurdundan 3 müňe golaý türgeniň gatnaşmagynda geçen bu halkara etnosport ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy uly üstünlik gazandy. Biziň pälwanlarymyz bäsleşikleriň netijeleri boýunça 2 altyn, 3 kümüş we 6 bürünç — jemi 11 medal eýeläp, umumy medal sanawynda 7-nji orny eýelediler. Меdal toplamakda birinji orny Gazagystan, ikinji orny Gyrgyzystan, üçünji orny bolsa Russiýa eýeledi.
Milli ýygyndymyzyň türgenleri milli göreş, kuraş, alyş, ssirym, gazak we azerbaýjan göreşleri ýaly ugurlarda tapawutlandylar. Bäsleşikleriň maksatnamasy diňe bir güýç synanyşyklaryny däl, eýsem kök-börü, er-eňiş, guşly aw oýunlary we «otly çapyksuwar» şowusy ýaly täsirli medeni dabaralary hem öz içine aldy. Ýapylyş dabarasynda dron şüweleňi we halkara konsert geçirildi, şeýle hem nobatdaky VII Oýunlary 2028-nji ýylda geçirmek gezegi Russiýanyň Kazan şäherine gowşuryldy.